Mamul.am
Tam versiyon
USD 475.92, EUR 527.46, RUB 7.22, GBP 578.43
+31 °C, +22 °C ... +36 °C Tomorrow:+37 °C
Hay / Հայ | Рус | Eng | Tür
Daşary işler ministrligi Makronyň beýanatyny tankyt etdi
17:35, 07.02.2019

Aksoý: “Bizin Azat ediş söweşinde ermenilerden peýdalanyp, Anadolyda eden gyrgynçylyklary, Alžirde eden gyrgynçylyklary we Ruanda genosidindäki jogapkärçiligi bilen tanalýan Fransiýanyň ulumsy hem-de taryhy hakykatlardan mahrum syýasatlaryndaň alara dersimiz ýok” diýdi.

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Aksoý mesele boýunça berilen soraga beren jogagynda 1915-nji ýyldaky wakalaryň hukuky, taryhy we ylmy taýdan seljerilmelidigi Fransiýanyň Prezidentine, fransuz resmilerine birnäçe gezek beýan edilendigini, emma muňa garamazdan Fransiýanyň Prezidenti Makronyň Fransiýanyň Ýokary Kazyýetiniň we Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň kararlaryna hem-de taryhy wakalara üns bermän, ermeni saýlawçylardan ses almak umydy bilen olara beren wadasynda durmaga synanşýandygyny beýan etdi.

Aksoý: “Osman taryhyndan habarsyz syýasatçynyň fransuz we Ýewropa hukugyna ynanmazlygy hem-de türkler üçin iňňän ynjyk bolan taryhy meselede şahsy syýasy bähbit üçin bir taraply çemeleşmegi gynandyryjy” diýdi.

Arkadaşlarınla paylaş
| |
yukarı